Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn. Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr. Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler. Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.
Выбор основного перевода