Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy. «Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al. Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz.
Выбор основного перевода