Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary. Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa lewileriň nesilleri boýunça uruglary. Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. Gerşonyň ogullarynyň atlary Libni hem-de Şimgidir. Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Nesillerine görä lewileriň uruglary şulardyr: Gerşonyň nesilleri: Gerşondan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma, Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydo, Ydodan Zera, Zeradan Ýeýatraý doguldy. Kohadyň nesilleri: Kohatdan Eminadap, Eminadapdan Kora, Koradan Asyr, Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr, Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy. Elkananyň ogullary: Omasaý we Ahymot. Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopaý, Sopaýdan Nahat, Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy. Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel, ikinji ogly Abyýa. Merarynyň nesilleri: Merarydan Mahly, Mahlydan Libni, Libniden Şimgi, Şimgiden Uza, Uzadan Şimga, Şimgadan Hagyýa, Hagyýadan Asaýa doguldy.
Выбор основного перевода