Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler. Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy. Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi. Hyzmatkär Şawula ýene: «Ine, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi. Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler. Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady. Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.
Выбор основного перевода