Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi. Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi. Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi. „Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?
Выбор основного перевода