Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa: «Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi. Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler. Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler. Ruben tiresiniň mülküne Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň tekizlikdäki ähli galalary we hanlygy degişlidir. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.
Выбор основного перевода