Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr. Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr. «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun. Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr. Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy. Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.
Выбор основного перевода