Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun. Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim. Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr. Reb Musa şeýle diýdi: «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“. Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir. Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin. Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler. Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp ýa dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin. Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin. Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin“». Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin“». Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny.
Выбор основного перевода