Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar. Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun. Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.
Выбор основного перевода