Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir. Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur. Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer. Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler. Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir. Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr. Emma Musa lewi tiresine mülk bermedi. Söz berşi ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Özi olaryň mülküdir. Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin.
Выбор основного перевода