Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Gelip çykyş
Параллельные места
Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek». Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi. Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi. Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin. Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi. Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter. Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt. Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber. Ýusup hem ölüm ýassygynda ýatyrka, ysraýyl halkynyň Müsürden çykjakdygyny aýdyp, öz jesedi barada iman arkaly buýruk berdi.
Выбор основного перевода