Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».
Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».