Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Gelip çykyş
Параллельные места
Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi. Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi. Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“. Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy. Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär. Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».
Выбор основного перевода