Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy. Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. «Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. «Ýa Reb, meniň dogamy eşit, gulak goý dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki. Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim. Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek! Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy. Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.
Выбор основного перевода