Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi. Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi. Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç. Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň dawamyzy çözsünler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi. Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy. Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň». Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi. Ýakup bu dünýäden ötmeli pursady gelende, hasasyna söýenip, Ýusubyň iki ogluna iman arkaly pata berdi we Hudaýa sežde etdi.
Выбор основного перевода