Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň. Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi. Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy. Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.
Выбор основного перевода