Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç. Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin». Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň». Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men oňa buýruklarymy mälim etjek» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.
Выбор основного перевода