Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler». Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi. Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň – hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi. Ýamanlar ýagşylaryň öňünde, erbetler dogruçylyň gapysynda baş egýändir.
Выбор основного перевода