Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi. Çuwallaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup pully düwünçekleriniň çuwallardadygyny görüp gorkdular. Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde çuwallarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna çuwallaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik. Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary çuwalymyza kimiň salandygyndan biziň habarymyz ýok».
Выбор основного перевода