Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle hem siz: „Guluň Ýakup-da yzdan gelýär“ diýersiňiz» diýdi. Çünki Ýakup öz ýanyndan: «Şu öňden ugradýan sowgatlarym bilen men Ysawyň ýüregini ýumşadaryn. Soňra men onuň bilen ýüzbe-ýüz görşerin. Ol, belki, meni kabul eder» diýip oýlandy. Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär. Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?
Выбор основного перевода