Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler. Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler. Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler. Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy.
Выбор основного перевода