Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym. Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym. Men ençeme öküzli, eşekli, dowarly hem gul-gyrnakly boldum. Seniň göwnüňi taparym ýaly, men saňa habar ýollaýaryn“». Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň Ysawyň ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda dört ýüz adam bar» diýdiler. Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi. Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi. Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy! Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum. Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.
Выбор основного перевода