Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin. Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle. Tekowaly aýal patyşa ýüzlenip: «Eý, şa hezretleri, günäsi meniň hem-de atamyň nesliniň boýnuna. Goý, şa hem-de onuň tagty günäden azat bolsun» diýdi. Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода