Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin. Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer». Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi: «Ine, oglumyň bu ysy Rebbiň bereket beren meýdanyň ysy ýalydyr. Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi. Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý, Ine, şular Ysraýylyň on iki tiresidir. Atasy olara pata berip, şulary aýtdy. Ýakup ogullarynyň hersine olaryň özlerine laýyk pata berdi.
Выбор основного перевода