Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“. Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin. Gökden ýagýan peşgeşler bilen, Ýer astyndaky çuň suwlar bilen, Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer. Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany siziň üstüňizde syndy. Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara. Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.
Выбор основного перевода