Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy. Şoňa görä ýaňky ýakyn hossary Bowaza: «Seniň özüň satyn alaý» diýip, aýakgabyny çykardy. Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz. Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi. Şaýatlar çagyryp, şertnama ýazyp möhürledim we kümşi terezide çekdim. Men kada-kanunlar ýazylan möhürli we açyk nusgaly satuw şertnamasyny aldym.
Выбор основного перевода