Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol dessine küýzesindäki suwy nowa guýdy-da, suw çekmek üçin guýa tarap ylgady. Ol onuň düýeleriniň ählisi üçin guýudan suw çekdi. Gyz oňa: «Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn. Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy. Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi.
Выбор основного перевода