Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Patyşanyň adamlary bilen bile özüne tarap gelýändigini Arawna gördi; öňlerinden çykyp, iki bükülip, patyşa tagzym etdi. Soňra ol: «Şa hezretleri näme sebäpden gulunyň ýanyna geldikä?» diýdi. Dawut: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmak üçin, seniň harman ýeriňi satyn almaga geldim. Şeýdip, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar» diýdi. Arawna Dawuda şeýle diýdi: «Şa hezretleri ony alsyn-da, islän zadyny gurbanlyk bersin. Ine, ýakma gurbanlygy üçin öküzler, ine-de odun üçin döwek döwýän gurallardyr öküzleriň boýuntyryklary. Eý, patyşa, şu zatlaryň hemmesini Arawna size berýär. Goý, Hudaýyň Reb senden razy bolsun». Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy.
Выбор основного перевода