Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy. Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursadym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy. Ybraýym we onuň aýaly Sara, Yshak we onuň aýaly Rebeka hem şol gowakda jaýlandylar. Men Leýany hem şol ýerde jaýladym. Ol mülk ýeri we ondaky gowak hetlerden satyn alnandyr». Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy. Olaryň jesetlerini Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamoryň neslinden satyn alan mazarynda jaýladylar.
Выбор основного перевода