Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz. Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar. Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir. Soňra Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, bu ähtiň nyşany hökmünde sünneti berdi. Şeýlelikde, Ybraýymdan Yshak doguldy, Ybraýym ony sekiz günlükkä sünnet etdi. Yshakdan Ýakup doguldy, ol hem sünnet edildi. Ýakupdan hersi bir tiräni emele getiren on iki ogul dünýä indi, olar hem sünnet edildiler.
Выбор основного перевода