Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar. Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar. Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
Выбор основного перевода