Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar. Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi. Yshak ol ýerden gidip, Gerar jülgesine baryp, şol ýerde çadyryny dikip ornaşdy. Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy. Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler. Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler. Soňra olar başga bir guýy gazdylar. Ol-da dawaly boldy. Ol guýyny Yshak «Sitna» diýip atlandyrdy. Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot dakdy.
Выбор основного перевода