Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi. Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy. Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler». Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder. «Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr. Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar sizi güýç-kuwwatdan düşürip, galalaryňyzy talaňçylyga berer». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi.
Выбор основного перевода