Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar. Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi. Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady. Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi. Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler! Amos şeýle diýdi: „Ýarobgam gylyçdan öler, Ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edip äkidilip çykarylar“». Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».
Выбор основного перевода