Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir? Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz». Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn, pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin, beýik jaýlaryň soňuna çykaryn». Muny Reb aýdýandyr. Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar. Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.
Выбор основного перевода