Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy. Hamadyň we Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň, Henanyň we Ywahyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy. Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi? Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň, Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň. Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar? Töweregi suw bilen gurşalan, Niliň kenaryndaky deňiz galaly, suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
Выбор основного перевода