Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Uly Ýedigeni, Oriony, Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur. Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär. Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň? Orionyň baglaryny çözüp bilermiň? Sen ony çuňluklara beslediň, daglar suwlaryň astynda galdy. Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar. Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär. Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň. Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda. Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin. Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin. Ýokarky otagyny gökde bina edýän, gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan, deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap, suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur. Onuň ady Rebdir.
Выбор основного перевода