Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer. Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň». Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn, pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin, beýik jaýlaryň soňuna çykaryn». Muny Reb aýdýandyr. Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz. Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler». Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?
Выбор основного перевода