Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi? Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny, Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny, sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz, Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“. Olar Hudaýa däl-de, jynlara, tanamaýan hudaýlaryna, ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler. Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym. Olaryň ýüregi butlarynyň yzyna eýerendigi üçin, Meniň hökümlerimi ret etdiler, parzlarymy berjaý etmediler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar.
Выбор основного перевода