Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz. Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz. Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.
Выбор основного перевода