Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar. Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler». Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur. Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler? Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin. «Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär. Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn». Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy? Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň. Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
Выбор основного перевода