Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi. Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi. Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“». Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“». Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy. Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin, size hem şeýle ediler. Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar. «Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn. Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň. Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar». Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.
Выбор основного перевода