Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl. Emma Dawut Şawula şeýle diýdi: «Men guluň öz kakamyň goýunlaryny bakardym. Ýolbars ýa-da aýy gelip, sürüden bir guzyny alaýsa, men onuň yzyndan ýeterdim-de, ony öldürip, guzyny agzyndan alardym. Bardy-geldi ol maňa topulaýsa, sakgalyndan tutardym-da, ony urup öldürerdim. Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi». Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi. «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn». Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!
Выбор основного перевода