Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy. Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar. Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi. Hiram Surdan Süleýmanyň özüne beren galalaryny görmäge geldi, ýöne onuň ol galalara göwni ýetmedi. Şonuň üçin hem ol: «Eý, dogan, maňa beren galalaryň dagy nähili?» diýdi. Şeýdip, olary Kabul diýip atlandyrdylar. Olar şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar. Hiram bolsa Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn iberipdi. Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi. Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň! Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol. Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim». Suruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende. Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň! Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy? Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy. Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy. Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz. Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny. Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz». Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony. Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri! Galaňyz weýran boldy. Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler: Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan lira al-da! Lira çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de. Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder. Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler. «Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi». Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn. Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin. Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenarýakasyndaky halklar bilen söwda eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň. Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
Выбор основного перевода