Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy. Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi. Meni haýran galdyrýan üç zat bar, dogrusy dört zada akylym ýetmeýär: Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp. Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi. Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler. Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz. Efraýymda gala galmaz, Damaskda şa bolmaz, Siriýanyň aman galanlary Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz. Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
Выбор основного перевода