Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr. Şol döwürde Menahym Tirsadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy. Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?» Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr. Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler. Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň? Seniň güýjüň gaçar. Sen hazynalaryňa buýsanyp: „Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň. Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz. Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr». «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et. Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz. Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler. Raba galasyny düýeleriň örüsine we Ammon ýurduny dowarlaryň ýatagyna öwrerin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz. Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz». «Halkymy masgaralap, olaryň ýurdunda men-‑menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim». Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».
Выбор основного перевода