Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi. Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady. Siriýa patyşasy Hazaýyl dünýäden ötdi we onuň ýerine ogly Benhadat patyşa boldy. Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Hazaýylyň ogly Benhadada garşy urşup, onuň kakasy Ýehogahaza garşy urşup alan galalarynyň baryny Benhadadyň elinden aldy. Ýehowaş Benhadady üç gezek ýeňlişe sezewar edip, Ysraýylyň galalaryny yzyna gaýtaryp aldy. Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».
Выбор основного перевода