Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz. Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz. Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler. Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara. Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.
Выбор основного перевода