Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň, öz köşgüniň gurluşygyny tamamlap, Rebbiň öýünde we öz köşgünde etmegi ýüregine düwen ähli işlerini üstünlik bilen amala aşyrdy. Reb gije Süleýmana görnüp, oňa şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi eşitdim. Men şu ýeri Özüm üçin gurbanlyk berilýän öý hökmünde saýladym. Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin. Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin. Indi şu ýerde edilen dileglere Meniň gözlerim görgür, gulaklarym eşitgir bolar. Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin. Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. Indi beýik bolan bu öýüň ýanyndan geçýän her kişi oňa haýranlar galyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olaryň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler». Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy. Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy.
Выбор основного перевода