Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi. Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi. Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady. Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy.
Выбор основного перевода